Turkmen 2002 Latin
|
| 1 |
| Halk arasynda ýalan pygamberleriň bolşy ýaly, siziň araňyzda-da ýalan mugallymlar bolar. Olar heläkleýji, bozuk taglymatlar girizmek bilen, özlerini satyn alan Baýary-da inkär edip, öz başlaryna tiz bela getirerler. |
| 2 |
| Köp adamlar olaryň azgynçylygyna eýerer, olar sebäpli hakykat ýoluna dil ýetiriler. |
| 3 |
| Açgözlülikden ýaňa ýalan sözler bilen sizi ezerler. Olar üçin ozaldan bar bolan höküm gijikmez, olaryň heläkçiligi irkilmez. |
| 4 |
| Çünki Hudaý günä eden perişdelere rehim etmän, höküm üçin saklansynlar diýip, olary dowzaha taşlap, tümlük zynjyrlaryna tabşyran bolsa, |
| 5 |
| gadym dünýä rehim etmän, hudaýsyzlar dünýäsiniň başyna tupan turzanda, dogrulyk wagyzçysy Nuhy beýleki ýedi adam bilen saklan bolsa, |
| 6 |
| Sodom we Gomorra şäherlerini kül edip, üstlerinden weýrançylyk hökümini çykarmak bilen, olary hudaýsyz ýaşajaklara nusga eden bolsa, |
| 7 |
| azgynlaryň ahlaksyzlyk içindäki ýaşaýyşyndan jebir çeken, ýöne dogry bolan Luty gutaran bolsa |
| 8 |
| (olaryň arasynda ýaşan bu dogry adam olaryň nähak işlerini görmek, eşitmek bilen, öz dogry janyna günsaýyn jebir ederdi), |
| 9 |
| [9-10] hudaýhonlary synagdan nähili halas etmelidigini, dogry dälleri, aýratyn-da, ten isleglerine kowalaşyp, häkimiýeti äsgermeýänleri höküm gününe çenli jeza astynda nähili saklamalydygyny Reb bilýär. Bular ― batyrsyraýanlar, tekepbirler Gökdäki güýçlere dil ýetirmekden gorkmaýarlar. |
| 10 |
| 11 |
| Perişdeler güýç we gudratda uly hem bolsalar, bulary garalamak üçin Rebbiň huzuryna höküm getirmeýär. |
| 12 |
| Bular bolsa tutulmak, heläk edilmek üçin doglan pähimsiz ýabany haýwanlar ýaly, bilmeýän zatlaryna dil ýetirip, öz heläkçiliklerinde heläk bolarlar. |
| 13 |
| Eden ýamanlyklarynyň almytyny alarlar. Tegmilt we biabraý bolan bular gündiz aýşy-eşret sürmegi şatlyk saýýandyr, siziň bilen iýip-içýän wagtlary öz hileleri bilen keýp çekýändir. |
| 14 |
| Olaryň zynadan doly, günäden gaýtmaz gözleri bolup, durnuksyz janlary duzaklaýandyrlar; ýürekleri açgözlülige öwrenişen gargyş siňen perzentlerdir. |
| 15 |
| Olar Beor ogly Balamyň yzyna eýermek bilen, dogry ýoly terk edip, azaşdylar. Balam hem adalatsyzlyk hakyny söýerdi. |
| 16 |
| Ýöne ol öz tagsyrlary üçin käýinç gördi, bir dilsiz-agyzsyz eşek adam sesinde gürläp, pygamberiň däliligini bökdedi. |
| 17 |
| Olar suwsuz çeşme, güýçli ýeliň kowýan ümrüdir; garaňky tümlük olar üçin saklanýar. |
| 18 |
| Çünki hatada gezýänlerden zordan gaçanlary gopbamsy, boş sözler aýdyp, ahlaksyzlyklar bilen beden höweslerinde duzaklaýarlar. |
| 19 |
| Olara azatlygy wada edýärler, özleri bolsa bozuklygyň gullarydyr. Sebäbi adam birinden ýeňilse, oňa gul kimin tabyndyr. |
| 20 |
| Çünki olar Reb hem halasgär Isa Mesihi tanamak arkaly dünýäniň pisliklerinden gaçansoňlar, ýene-de bulara garyşyp, ýeňlen bolsalar, onda olaryň soňky ýagdaýy öňküden erbetdir. |
| 21 |
| Çünki olar üçin dogrulyk ýoluny bilmezlik, ony bilip-de, özlerine tabşyrylan mukaddes buýrukdan ýüz döndermekden gowy bolardy. |
| 22 |
| Olaryň başyna bu hakyky nakylda aýdylanlar geldi: «It öz gusugyna gaýdyp geldi, ýuwnan doňuz batgada togalanmaga». |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2002/2peter/002.mp3
3
2