Turkmen 2002 Latin
|
| 1 |
| Eý, söýgüli doganlar, indi size bu ikinji haty ýazýaryn. |
| 2 |
| Bularyň ikisinde-de mukaddes pygamberleriň öňden aýdan sözlerini, Reb hem Halasgäriň resullaryňyz arkaly size beren buýrugyny ýadyňyza salmak üçin, sap pikirleriňizi ýatlatma arkaly oýarýaryn. |
| 3 |
| Ozaly bilen, biliň, ahyrky günlerde öz höweslerinde gezýän ýaňsylaýjylar ýaňsyly sözler bilen gelip: |
| 4 |
| «Rebbiň gelmeginiň wadasy hany? Atalar ölenden bäri hemme zat ýaradylyşyň başlangyjynda bolşy ýaly dur» diýer. |
| 5 |
| Çünki olar Gögüň Hudaýyň sözi arkaly gadymdan bäri bardygyndan, ýeriň suw arkaly suwdan döräninden bihabarsyran boldular. |
| 6 |
| Ýöne ol wagtky dünýä şol suwda hem gark bolup heläklenipdi. |
| 7 |
| Ýöne welin, häzirki Gök, Ýer Onuň sözi bilen ot üçin goralyp, höküm gününe, hudaýsyz adamlaryň heläk boljak gününe çenli saklanýar. |
| 8 |
| Eý, söýgüli doganlar, bir zady unutmaň: Rebbiň ýanynda bir gün müň ýyl, müň ýyl bir gün ýalydyr. |
| 9 |
| Käbirleriniň gijikme hasap edişi ýaly, Reb Öz wadasyny ýerine ýetirmegi gijikdirýän däldir. Ol biziň üçin sabyr edýändir, çünki Ol hiç kim heläk bolman, hemmeleriň toba gelmegini isleýär. |
| 10 |
| Emma Rebbiň güni bir ogry kimin geler. Şonda Gök uly güpürdi bilen geçer, elementler ýanyp dargar, ýer, ondaky zatlar ýanyp ýok bolar. |
| 11 |
| Bularyň ählisi şeýle dargajak bolsa, onda siziň nähili adamlar bolmagyňyz gerek? Hudaýyň gününiň gelmegine garaşyp, ony çaltlandyryp, mukaddes ýaşaýyşda, takwalykda gezmelisiňiz. |
| 12 |
| Şol gün zerarly Gök ot alyp dargar, elementler ýanyp erär. |
| 13 |
| Biz Onuň wadasyna görä täze Göge, täze ýere garaşýarys; olarda bolsa dogrulyk höküm sürer. |
| 14 |
| Şoňa görä-de, eý, söýgüli doganlar, bulara garaşýandygymyz üçin, Hudaýyň ýanynda parahatlykda tegmiltsiz, müýnsüz boljak bolup gaýrat ediň. |
| 15 |
| Söýgüli doganymyz Pawlusyň hem özüne berlen akyldarlyk boýunça size ýazyşy ýaly, Rebbimiziň sabryny gutulyş pursady saýyň. |
| 16 |
| Ol bu zatlardan gürrüň berende, bütin hatlarynda şeýle ýazýandyr. Olarda ýazylanlaryň käbirlerine düşünmek kyndyr, nadan hem durnuksyz adamlar bolsa beýleki Mukaddes Ýazgylary ýoýuşlary ýaly, bulary-da öz heläkçilikleri üçin ýoýýarlar. |
| 17 |
| Indi, eý, söýgüli doganlar, azgynlaryň hatalaryna çekilip, berkligiňizde gowşamaz ýaly, bu zatlary öňünden biliň, özüňizi goraň. |
| 18 |
| Rebbimiz hem halasgärimiz Isa Mesihiň merhemetinde, biliminde ösüň. Şöhrat häzir we mydamalyk Onuňky bolsun! Omyn. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2002/2peter/003.mp3
3
3