Isa Mesih gelende, suwa çümdürildi. Ol biziň üçin ganyny dökdi. Ol diňe suwa çümdüriliş arkaly däl, eýsem döken gany arkaly hem Özüni aýan etdi. Mukaddes Ruh muňa şaýatdyr we Onuň şaýatlygy hakykatdyr.
Hudaýyň Ogluna iman edýände Hudaýyň şaýatlygy bardyr. Kim Hudaýyň Öz Ogly baradaky şaýatlygyna ynanmaýan bolsa, ol Hudaýy ýalançy çykaryp, Oňa iman edýän däldir.
Eger biri doganynyň ölüme eltmeýän günä edýänini görse, goý, onuň üçin Hudaýa ýalbarsyn. Hudaý oňa ýaşaýyş berer. Muny ölüme eltmeýän günä edýänler hakda aýdýaryn. Ölüme eltýän günä-de bardyr. Beýle günä edýän adam üçin Hudaýa ýalbaryň diýmeýärin.
Biz ýene şuny bilýäris: hak Hudaýy tanap bilmegimiz üçin, Hudaýyň Ogly gelip, bize akyl-paýhas berdi. Biz hak Hudaý we Onuň Ogly Isa Mesih bilen ýaşaýarys. Isa Mesih hak Hudaýdyr we baky ýaşaýyşdyr.