|
| 1 |
| Hudaýyň saýlany, meniň hakykatda söýýän hanymyma, onuň çagalaryna ýaşuludan salam! Sizi diňe men däl, eýsem, hakykaty tanaýanlaryň hemmesi-de söýýändir. |
| 2 |
| Çünki hakykat bizde galýar, ol baky biziň bilen galar. |
| 3 |
| Ata Hudaýdan, Atanyň Ogly Reb Isa Mesihden hakykat, söýgüde merhemet, rehim we parahatlyk biziň bilen bolar. |
| 4 |
| Men seniň oglanlaryň käbirleriniň Atadan alan buýrugyňyz boýunça hakykatda gezýänini görenime gaty şat boldum. |
| 5 |
| Häzir, eý hanym, saňa bir täze buýruk däl-de, ozal-başdan bizde bolany ýazyp, senden birek-biregi söýmegi haýyş edýärin. |
| 6 |
| Söýgi Hudaýyň buýrugyna görä gezmegimizden ybaratdyr. Onuň buýrugy ozal-başdan eşidişiňiz ýaly, söýgüde gezmegiňizdir. |
| 7 |
| Sebäbi dünýä ençeme aldawçy geldi. Olar Isa Mesihiň bedende gelenini ykrar etmeýär. Beýle adam aldawçy, Mesihe garşy göreşijidir. |
| 8 |
| Biz gazananlarymyzy ýitirmän, doly muzdy alar ýaly, özüňizden habardar boluň. |
| 9 |
| Mesihiň taglymatyndan arany açan, onda galmaýan adamda Hudaý ýokdur. Kim taglymatda galýan bolsa, onda hem Ata, hem-de Ogul bardyr. |
| 10 |
| Biri gelip-de, bu taglymaty getirmese, ony içeri salmaň, oňa salam bermäň. |
| 11 |
| Çünki oňa salam beren onuň erbet işlerine şärik bolýandyr. |
| 12 |
| Size ýazmaly köp zatlarym bar, ýöne kagyz, syýa bilen ýazasym gelenok. Emma şatlygyňyz kämil bolar ýaly, ýanyňyza gelip, siziň bilen ýüzbe-ýüz gürleşeris diýen umydym bar. |
| 13 |
| Saýlanan uýam oglanlary saňa salam aýdýar. Omyn. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2002/2john/001.mp3
1
1