|
| 1 |
| Meniň hakykatda söýýän söýgüli doganym Gaýusa ýaşuludan salam! |
| 2 |
| Eý, söýgüli doganym, janyň üstünlikli bolşy ýaly, seniň hemme zatda üstünlik gazanyp, saglykda bolmagyň üçin doga edýärin. |
| 3 |
| Çünki käbir doganlar gelip, seniň hakykatda gezişiň ýaly, hakykata baglydygyňa güwä geçenlerinde, men gaty şat boldum. |
| 4 |
| Meniň oglanlarymyň hakykatda gezýändiklerini eşitmekden uly şatlygym ýok. |
| 5 |
| Eý, söýgüli doganym, sen ýat hem bolsalar, doganlara edýän ähli zatlaryňda sadyksyň. |
| 6 |
| Olar ýygnagyň huzurynda seniň söýgiň barada güwä geçdiler. Olary Hudaýa mynasyp tärde ýola salsaň, ýagşy edersiň. |
| 7 |
| Çünki olar iman etmediklerden hiç bir zat alman, Isanyň adynyň hatyrasyna ýola çykdylar. |
| 8 |
| Biz hakykat ugrunda işdeş bolar ýaly, şeýle adamlary kabul etmäge borçludyrys. |
| 9 |
| Men ýygnaga ýazdym, ýöne olaryň arasynda başlyk bolmagy söýýän Diotrefis bizi kabul etmeýär. |
| 10 |
| Munuň üstesine, ol doganlary-da kabul etmeýär, muny etjek bolýanlara hem päsgel berip, olary ýygnakdan kowýar. Şoňa görä-de, eger baraýsam, bize erbet sözler aýdyp, eden işlerini ýadyna salaryn. |
| 11 |
| Eý, söýgüli doganym, erbede däl, ýagşa öýkün. Ýagşylyk edýän Hudaýdandyr, erbetlik edýän Hudaýy gören däldir. |
| 12 |
| Dimitriosa hemmeler, hakykatyň özi güwä geçýär. Biz hem güwä geçýäris; güwäligimiziň hakdygyny bolsa sen bilýänsiň. |
| 13 |
| Saňa ýazmaly köp zatlarym bar, ýöne syýa, galam bilen ýazasym gelenok. |
| 14 |
| Seni basymrak görüp, ýüzbe-ýüz gürleşeris diýen umydym bar. |
| 15 |
| Saňa parahatlyk bolsun! Dostlar saňa salam aýdýarlar. Ol ýerdäki dostlara atma-at salam ýetir. Omyn. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2002/3john/001.mp3
1
1