Eý, söýgüli doganlar, men size ortak gutulyşymyz hakda ýazmak üçin bütin gaýratymy sarp edip, mukaddeslere bir gezek tabşyrylan iman ugrunda göreşiň diýip ýazmaga, nesihat bermäge mejbur boldum.
Çünki Hudaýymyzyň merhemetini ahlaksyzlyga öwren, ýalňyz Baýarymyz Hudaýy we Rebbimiz Isa Mesihi inkär edýän hudaýsyzlar, gadymdan şu höküm üçin bellenen käbir adamlar ogrynça araňyza sokuldylar.
Ýöne muny ozal bilýän hem bolsaňyz, Rebbiň Müsür diýaryndan halky bir gezek gutarandan soň, ikinji gezek iman etmedikleri heläk edenligini size ýatladasym gelýär.
Şeýle, Sodom, Gomorra we olaryň töweregindäki şäherler hem zynahorluga berlip, jyns azgynlygyna eýerip, ebedi ot jezasyny çekmek bilen göreldä goýuldy.
Baş perişde Mikaýyl Musanyň jesedi barada iblis bilen çekişip, jedelleşende oňa sögmän, bir höküm getirmäge-de ýürek etmän, diňe: «Saňa Reb käýesin!» diýdi.
Bular siz bilen gorkusyz iýip-içip, diňe özlerini bakan mahallary siziň muhabbet zyýapatlaryňyza tegmilt bolýarlar. Ýel bilen kowlan suwsuz bulutlar, iki gezek ölen, kökünden goparylan miwesiz güýz agaçlary,
«Hudaýsyzlyk bilen eden bütin hudaýsyz işleri zerarly, hudaýsyz günäkärleriň Oňa aýdan ähli paýyş sözleri zerarly, hemmeleriň üstünden höküm çykarmaga, bütin hudaýsyzlary höküm etmäge Reb, ine, müňlerçe mukaddesi bilen geldi».