Turkmen 2002 Latin
|
| 1 |
| Onsoň men Gökden aşak inip gelýän başga bir güýçli perişdäni gördüm. Ol buluda bürenipdi, depesinde älemgoşar bardy, ýüzi Güne, aýaklary bolsa ot sütünine meňzeýärdi. |
| 2 |
| Elinde bir açyk kitapça bardy. Ol sag aýagyny deňziň, sol aýagyny-da ýeriň üstünde jaýlaşdyrdy. |
| 3 |
| Arslanyň arryldysyna meňzeş batly ses bilen gygyrdy. Ol gygyranda, ýedi gök gürrüldisi öz sesleri bilen gürlediler. |
| 4 |
| Ýedi gök gürrüldisiniň ses berip gürlän wagty men ýazjak boldum, ýöne Gökden: «Ýedi gök gürrüldisiniň aýdanlaryny möhürle, ýazma!» diýen bir ses eşitdim. |
| 5 |
| Deňziň we ýeriň ýüzünde duranyny gören perişdäm sag elini Göge galdyrdy. |
| 6 |
| Ol Gögi we gökdäkileri, Ýeri we ýerdäkileri, deňzi we deňizdäkileri Ýaradanyň, ebedi Diriniň adyndan ant içip, şeýle diýdi: «Indi gijikme bolmaz! |
| 7 |
| Ýöne ýedinji perişdäniň surnaýyny çaljak günlerinde, Hudaý Öz gullary, ýagny pygamberlere buşlaýşy ýaly, Onuň syry tamamlanar». |
| 8 |
| Gökden eşiden sesim ýene-de meniň bilen gepleşip: «Bar, deňziň we ýeriň ýüzünde duran perişdäniň elindäki açyk kitapçany al!» diýdi. |
| 9 |
| Men perişdäniň ýanyna baryp, kitapçany maňa bermegini haýyş etdim. Ol maňa: «Al, iý! Ol içiňi ajadar, ýöne agzyňda bal ýaly süýji bolar» diýdi. |
| 10 |
| Men kitapçany perişdäniň elinden alyp iýdim. Ol agzymda bal ýaly süýjüdi, ýöne ony iýip bolanymda, içim ajady. |
| 11 |
| Onsoň ol maňa: «Sen birtopar halklar, milletler, diller we patyşalar hakda ýene-de welilik etmelisiň» diýdi. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2002/revelation/010.mp3
22
10