Turkmen 2002 Latin
|
| 1 |
| Gökden bir uly alamat göründi. Bu Güni geýnen bir aýaldy. Onuň aýaklarynyň aşagynda Aý, başynda on iki ýyldyzdan ybarat täç bardy. |
| 2 |
| Aýal göwrelidi. Dogurjak bolup, burgusy tutup gygyrýardy. |
| 3 |
| Gökden başga bir alamat göründi. Bu bolsa ýedi başly, on şahly, başlarynda ýedi täji bolan gyzyl reňkli uly aždarhady. |
| 4 |
| Ol Gökdäki ýyldyzlaryň üçden birini guýrugy bilen süýräp, ýer ýüzüne zyňdy. Onsoň çaga dogan badyna ony ýuwutmak üçin, çaga dogurjak bolup oturan aýalyň öňünde durdy. |
| 5 |
| Aýal bir ogul ― bütin milletleri demir taýak bilen bakjak bir oglan dogurdy. Onuň çagasyny alyp, Hudaýyň ýanyna, Hudaýyň tagtyna eltdiler. |
| 6 |
| Aýal çöle gaçyp gitdi. Ol ýerde müň iki ýüz altmyş günläp iýmitlener ýaly, Hudaý tarapyndan onuň üçin taýýarlanan bir ýer bardy. |
| 7 |
| Gökde uruş turdy. Mikaýyl we onuň perişdeleri aždarha bilen uruşdylar. Aždarha-da öz perişdeleri bilen gaýtawul berdi. |
| 8 |
| Ýöne ýeňmäge güýji ýetmän, Gökdäki ýerlerini elden berdiler. |
| 9 |
| Iblis ýa şeýtan diýip atlandyrylan uly aždarha, bütin dünýäni azdyrýan köne ýylan perişdeleri bilen ýer ýüzüne zyňyldy. |
| 10 |
| Onsoň men Gökden bir batly ses eşitdim. Ol şeýle diýdi: «Hudaýymyzyň halas edişi, güýji, patyşalygy we Onuň Mesihiniň gudraty indi amala aşdy. Çünki doganlarymyzyň aýyplaýjysy, olary Hudaýymyzyň öňünde gije-gündiz aýyplaýan aşak zyňyldy. |
| 11 |
| Doganlarymyz Guzynyň ganynyň saýasynda, eden güwälikleriniň sözüniň saýasynda ony ýeňdiler, ölüm derejesine çenli jan söýgüsinden el çekdiler. |
| 12 |
| Eý Gök we Gökde ýaşaýanlar, munuň üçin begeniň! Ýer we deňiz, waý, siziň halyňyza! Çünki iblis wagtynyň azlygyny bilip, gahar-gazaba münüp, siziň üstüňize geldi». |
| 13 |
| Aždarha özüniň ýer ýüzüne zyňlandygyny görende, ýaňky oglan dogran aýaly kowalamaga başlady. |
| 14 |
| Aýala, ýylanyň öňünden çöle ― üç ýarym ýyl iýmitlenjek ýerine uçup gaçar ýaly, uly bürgüdiň iki ganaty berildi. |
| 15 |
| Ýylan aýaly sile äkitdirjek bolup, agzyndan onuň yzyndan derýa ýaly suw akdyrdy. |
| 16 |
| Emma Ýer agzyny açyp, aždarhanyň agzyndan akdyran derýasyny ýuwdup, aýala kömek etdi. |
| 17 |
| Onsoň aždarha aýala gaharlandy. Aýalyň neslinden galan we Hudaýyň buýruklaryny berjaý edip, Isa şaýatlyk edýänler bilen uruşmaga gitdi. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2002/revelation/012.mp3
22
12