×

Turkmen 2002 Latin

Аянлык 15

1
Men Gökde başga bir uly hem geň alamat gördüm: bu soňky ýedi belany getirýän ýedi perişdedi. Hudaýyň gazaby bu belalar bilen soňlanýardy.
2
Ot bilen garyşyk, çüýşeden ýasalan deňiz ýaly bir zat gördüm. Janawary, onuň suratyndaky buty, onuň adynyň sanyny ýeňenler Hudaýyň beren arfalaryny ellerine alyp, çüýşeden deňziň üstünde durdular.
3
Olar Hudaýyň guly Musanyň we Guzynyň aýdymyny aýdyp, şeýle diýýärdiler: «Güýji her zada ýetýän Reb Hudaý, Seniň işleriň uly hem geňdir. Eý, milletler patyşasy, Seniň ýollaryň dogry hem hakdyr!
4
Ýa Reb, Senden gorkman, adyňy Şöhratlandyrmajak kimdir? Çünki mukaddes diňe Sensiň! Bütin milletler gelip, Seniň öňüňde sežde eder. Çünki Seniň adyl işleriň aýan boldy».
5
Mundan soň Gökdäki ybadathananyň, ýagny güwälik çadyrynyň açylanyny gördüm.
6
Ýedi belany getirýän ýedi perişde tämiz, parlak keteni geýnip, gursaklaryna altyn guşak baglap, ybadathanadan çykdylar.
7
Janly dört mahlugyň biri ýedi perişdä ebedilik ýaşaýan Hudaýyň gazabyndan doly ýedi altyn käse berdi.
8
Ybadathana Hudaýyň şöhratynyň, gudratynyň tüssesinden doldy. Ýedi perişdäniň ýedi belasy gutarýança, hiç kim ybadathana girip bilmedi.
Turkmen Bible 2002 Latin
Институт Перевода Библии 2002
:
Bellikleri Ýazdyryň