Turkmen 2002 Latin
|
| 1 |
| Onsoň ybadathanadan ýedi perişdä: «Gidiň-de, Hudaýyň gazabyndan doly ýedi käsäni ýeriň ýüzüne döküň!» diýen batly sesi eşitdim. |
| 2 |
| Birinji perişde gidip, käsesini ýer ýüzüne dökdi. Janawaryň tagmasy bolan we onuň suratyndaky buta sežde eden adamlarda erbet hem gaty agyryly ýaralar peýda boldy. |
| 3 |
| Ikinji perişde käsesini deňze dökdi. Deňiz öliniň ganyna meňzeş gana döndi, içindäki bütin jandarlar öldi. |
| 4 |
| Üçünji perişde käsesini derýalara, suw bulaklaryna dökdi. Olar-da gana döndi. |
| 5 |
| Men suwlaryň perişdesiniň şeýle diýenini eşitdim: «Häzir bar bolan hem geçmişde bar bolan mukaddes Hudaý! Sen bu hökümleriňde adylsyň. Çünki Sen şeýle höküm çykardyň. |
| 6 |
| Çünki olar mukaddesleriň hem pygamberleriň ganyny dökdüler. Sen-de olara içmäge gan berdiň. Olaryň almyty budy». |
| 7 |
| Men gurbanlyk edilýän ýerden gelen bir sesiň: «Hawa, her zada güýji ýetýän Reb Hudaý! Seniň hökümleriň dogry hem adyldyr» diýenini eşitdim. |
| 8 |
| Dördünji perişde käsesini Günüň üstüne dökdi. Güne ynsanlary ot bilen ýakyp-gowurma güýji berildi. |
| 9 |
| Ynsanlar güýçli gyzgyn bilen gowruldylar, ýöne toba edip, bu belalara ygtyýary bolan Hudaýy şöhratlandyrmagyň deregine, Onuň adyna sögdüler. |
| 10 |
| Bäşinji perişde käsesini janawaryň tagtynyň üstüne dökdi. Janawaryň patyşalygy garaňkylykda gömüldi. Ynsanlar dertden ýaňa dillerini dişlediler. |
| 11 |
| Eden işlerine toba etmeýişleri ýaly, dert hem ýaralary üçin, Gökdäki Hudaýa sögdüler. |
| 12 |
| Altynjy perişde käsesini uly Ýewfrat derýasyna dökdi. Gündogardan gelen patyşalaryň ýolunyň açylmagy üçin, derýanyň suwy gurady. |
| 13 |
| Onsoň aždarhanyň agzyndan, janawaryň agzyndan we ýalan pygamberiň agzyndan gurbaga meňzeş üç murdar ruhuň çykanyny gördüm. |
| 14 |
| Bular alamatlar döredip bilýän jynlaryň ruhlarydyr. Bular ähli zada güýji ýetýän Hudaýyň uly gününde boljak söweş üçin, bütin dünýäniň patyşalaryny üýşürmäge barýar. |
| 15 |
| «Ine, ogry ýaly gelýärin! Ýalaňaç gezip, uýat ýeri görünmez ýaly, oýa bolup, eşiklerini egninde saklan bagtlydyr!» |
| 16 |
| Patyşalary ýewreýçe Armageddon diýen ýerde üýşürdiler. |
| 17 |
| Ýedinji perişde käsesini howa dökdi. Ybadathanadaky tagtdan çykan batly ses: «Boldy!» diýdi. |
| 18 |
| Şonda ýyldyrymlar çakdy, batly sesler çykyp, Gök gürledi, güýçli ýertitreme boldy. Ynsanlar ýer ýüzünde bolaly bäri Ýer şeýle gaty titremändi. |
| 19 |
| Uly şäher üç bölek boldy. Milletleriň şäherleri ýykyldy. Uly Babyl Hudaýyň huzurynda ýatlandy, Hudaýyň otly gazap käsesi oňa berildi. |
| 20 |
| Bütin adalar ýitirim bolup, daglar tapylmaz boldy. |
| 21 |
| Ynsanlaryň üstüne Gökden her damjasynyň agramy bir talanta golaý güýçli doly ýagdy. Ynsanlar ol doly belasy sebäpli, Hudaýa sögdüler. Çünki ol bela gaty aýylgançdy. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2002/revelation/016.mp3
22
16