Turkmen 2002 Latin
|
| 1 |
| Şondan soň Gökden uly bir märekäniň sesine meňzeş batly sesler eşitdim. Olar şeýle diýýärdiler: «Haleluýa! Halas ediş, şöhrat, güýç Hudaýymyzyňkydyr! |
| 2 |
| Çünki Onuň hökümleri dogry we adyldyr. Ol ýer ýüzüni zynasy bilen azdyran uly kemçini höküm etdi, gullarynyň ganyny ondan aldy». |
| 3 |
| Ikinji gezek şeýle diýdiler: «Haleluýa! Kemçiniň tüssesi ebedilik tütär». |
| 4 |
| Ýigrimi dört ýaşuly we janly dört mahluk ýere ýykylyp, «Omyn! Haleluýa!» diýip, tagt üstünde oturan Hudaýa sežde etdiler. |
| 5 |
| Onsoň tagtdan çykan bir ses şeýle diýdi: «Eý, Hudaýymyzyň ähli bendeleri! Kiçiler we ulular, Ondan gorkýanlar, Oňa alkyş okaň!» |
| 6 |
| Onsoň men bir uly märekäniň sesine, uly suwuň şaggyldysyna, gaty Gök gürrüldisine meňzeş sesler eşitdim. Olar şeýle diýýärdiler: «Haleluýa! Çünki her zada güýji ýetýän Reb Hudaýymyz höküm sürýär. |
| 7 |
| Begeneliň, şatlanalyň! Ony şöhratlandyralyň! Guzynyň toýy başlanýar. Onuň gelni taýýarlandy. |
| 8 |
| Geýsin diýip, oňa parlak, tämiz we nepis keteni berildi». Nepis keteni mukaddesleriň adyl işleridir. |
| 9 |
| Perişde maňa: «Muny ýaz: Guzynyň toý aşyna çagyrylanlar bagtlydyr!» diýdi. Maňa ýene: «Bular çyn sözlerdir, Hudaýyň sözleridir» diýdi. |
| 10 |
| Men oňa sežde etjek bolup aýaklaryna ýykyldym. Emma ol maňa şeýle diýdi: «Beýle zat edäýme! Men seniň we Isa güwälik edýän doganlaryň ýoldaşydyryn, Hudaýa sežde et! Çünki Isa güwälik pygamberlik ruhudyr». |
| 11 |
| Gögüň açylyp, öňümde bir ak atyň duranyny gördüm. Onuň üstünde oturanyň ady Dogruçyl we Çyndyr. Ol adalatly höküm çykaryp söweşýändir. |
| 12 |
| Gözleri oduň ýalny ýalydyr. Başynda birtopar täç bolup, bularyň üstünde ýazylgy adyny Özünden başga hiç kim bilýän däldir. |
| 13 |
| Ol gana batyrylan geýim geýnendir, Oňa «Hudaýyň Sözi» diýen at dakylandyr. |
| 14 |
| Ak, tämiz we nepis keteni geýnen Gökdäki goşunlar ak atlara münüp, Onuň yzyndan gelýärdi. |
| 15 |
| Milletleri urmak üçin, Onuň agzyndan kesgir gylyç çykýar. Onuň Özi olary demir taýak bilen bakar, her zada güýji ýetýän Hudaýyň otly gazabynyň şerabyny öndürýän üzüm gysajyny Özi gysar. |
| 16 |
| Onuň geýiminde we budunda «patyşalaryň Patyşasy, rebleriň Rebbi» diýip ýazylan ady bardyr. |
| 17 |
| [17-18] Onsoň Günde duran bir perişde gördüm. Ol batly ses bilen gygyryp, gögüň ortasynda uçup ýören guşlara şeýle diýdi: «Patyşalaryň, serkerdeleriň, güýçli adamlaryň etini, atlaryň, olaryň üstündäkileriň etini, azatlaryň, gullaryň, kiçileriň, ulularyň hemmesiniň etini iýmek üçin üýşüp, Hudaýyň uly zyýapatyna geliň!» |
| 18 |
| 19 |
| Men janawary, dünýä patyşalaryny we olaryň goşunlaryny gördüm. Olar atyň üstünde Oturan we Onuň goşunlary bilen söweşjek bolup ýygnanyşan ekenler. |
| 20 |
| Janawar hem-de onuň öňünde alamatlar döredip, janawaryň tagmasyny alyp-da, onuň butuna sežde edenleri bu alamatlar bilen aldaýan ýalan pygamber tutuldy. Olaryň ikisi-de kükürt bilen ýanan ot kölüne zyňyldy. |
| 21 |
| Galanlar atyň üstünde Oturanyň agzyndan çykan gylyç bilen öldürildiler. Bütin guşlar, ine, bularyň etinden doýdy. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2002/revelation/019.mp3
22
19