Men Mukaddes Şäheri — täze Iýerusalimi gördüm. Ol gökden, Hudaýyň huzuryndan inip gelýärdi. Täze Iýerusalim öýlenýän ýigit üçin bezenip-beslenip gelýän gelne meňzeýärdi.
Men tagtdan batly bir sesiň şeýle diýenini eşitdim: «Hudaýyň mesgeni indi ynsanlaryň arasyndadyr! Ol indi ynsanlaryň arasynda mesgen tutar. Olar Onuň halky bolarlar, Ol hem olar bilen bolup, olaryň Hudaýy bolar.
Emma gorkagyň, imansyzyň, kezzabyň, ganhoryň, zynahoryň, jadygöýüň, butparazyň we hemme ýalançylaryň — ählisiniň paýyna ýanýan kükürtli ot köli düşer. Ikinji ölüm, ine, budur».
Perişde meni Mukaddes Ruh arkaly bir uly, beýik daga çykardy. Ol ýerden maňa gökden, Hudaýyň huzuryndan inip gelýän mukaddes şäheri — Iýerusalimi görkezdi.
Şäheriň uly we belent diwarlary, on iki derwezesi bardy. Her derwezäniň agzynda bir perişde bardy. Derwezelere ysraýyl halkynyň on iki tiresiniň ady ýazylgydy.
Şäher dörtburçluk şekilinde bolup, onuň boýy bilen ini deňdi. Perişde şäheri ölçedi. Şäheriň boýy iki müň iki ýüz çakrym bolup çykdy. Onuň ini, beýikligi hem boýy ýalydy.
Şäher diwarynyň binýatlary her dürli gymmatbaha daşlar bilen bezelendi. Birinji binýady ýaşma daşy bilen bezelendi, ikinjisi goýy reňkli pöwrize daşy, üçünjisi hakyk, dördünjisi zümerret,
bäşinjisi sardoniks, altynjysy gyrmyzy sardoniks, ýedinjisi altyn-sary daş, sekizinjisi gök zümerret, dokuzynjysy goýy sary daş, onunjysy pöwrize, on birinjisi mämişi reňkli daş, on ikinjisi benewşe reňkli gymmatbaha daşlary bilen bezelendi.