Turkmen 2002 Latin
|
| 1 |
| Perişde maňa şäher köçesiniň ortasynda Hudaýyň we Guzynyň tagtyndan çykýan bulgur ýaly dury ýaşaýyş suwunyň derýasyny görkezdi. |
| 2 |
| Derýanyň iki tarapynda on iki hili miwe öndürýän, her aý miwesini berýän ýaşaýyş agajy bardy. Agajyň ýapraklary milletlere şypady. |
| 3 |
| Indi hiç zat gargyş astynda galmaz. Hudaýyň we Guzynyň tagty şäherde bolar. Bendeleri Oňa gulluk eder. |
| 4 |
| Onuň ýüzüni görer, maňlaýlarynda Onuň ady bolar. |
| 5 |
| Indi gije bolmaz. Ne çyranyň yşygy, ne-de Günüň nury gerek bolar. Reb Hudaý olara yşyk bolup, olar ebedilik höküm sürer. |
| 6 |
| Perişde maňa şeýle diýdi: «Bu sözler ynamlydyr, çyndyr! Pygamberleriň ruhlarynyň Hudaýy Reb, şu ýakynda boljak wakalary Öz gullaryna bildirjek bolup, perişdesini ýollady». |
| 7 |
| «Ine, basym gelýärin! Bu kitabyň weli sözlerini berjaý eden bagtlydyr!» |
| 8 |
| Bu zatlary eşiden, gören men, Ýahýa. Bulary eşiden, gören mahalym men bulary özüme görkezen perişdä sežde etjek bolup, onuň aýaklaryna ýykyldym. |
| 9 |
| Emma ol maňa şeýle diýdi: «Beýle iş etme! Men seniň, seniň pygamber doganlaryň bilen bu kitabyň sözlerini berjaý edýänleriň ýoldaşydyryn. Hudaýa sežde et!» |
| 10 |
| Onsoň maňa şeýle diýdi: «Bu kitabyň weli sözlerini möhürleme. Çünki garaşylan wagt ýakyndyr. |
| 11 |
| Erbetlik eden ýene erbetlik etsin, hapa bolan hapalygynda galsyn. Dogry adam ýene dogrulyk etsin. Mukaddes-de mukaddesligine galsyn». |
| 12 |
| Ine, basym gelýärin! Berjek sylaglarym ýanymdadyr. Her kese etmişine görä hak bererin. |
| 13 |
| Alfa we Omega, ilkinji hem ahyrky, başlangyç we soň Mendirin». |
| 14 |
| Ýaşaýyş agajyndan iýmitlenme hakyny almak, derwezelerden geçip, şähere girmek üçin, Onuň tabşyryklaryny berjaý edenler bagtlydyr! |
| 15 |
| Itler, ýagny jadygöýler, zynagärler, ganhorlar, butparazlar, ýalany söýüp, işlerini ýalan bilen ýöredenleriň bary daşarda galar. |
| 16 |
| «Men ― Isa, imanlylar ýygnaklaryna degişli bolan bu güwäligi size ýetirsin diýip, Öz perişdämi ýolladym. Men Dawudyň kökünden we neslinden bolan parlak daň ýyldyzydyryn!» |
| 17 |
| Ruh we gelin: «Gel!» diýýär. Her eşiden «Gel!» diýsin. Suwsan gelsin. Dilän gelip, ýaşaýyş suwuny mugt alsyn. |
| 18 |
| Bu kitabyň weli sözlerini eşiden kişä duýdurýaryn! Biri bu sözlere bir zat goşsa, Hudaý hem onuň jezasyna bu kitapda agzalan belalary goşar. |
| 19 |
| Eger-de biri bu weli kitabyň sözlerinden bir zady aýyrsa, Hudaý hem bu kitapda agzalan ýaşaýyş agajyndan, mukaddes şäherden oňa ýeten paýy yzyna alar. |
| 20 |
| Bularyň ählisine güwälik edýän: «Hawa, basym gelýärin!» diýýär. Omyn! Gel, ýa Reb Isa! |
| 21 |
| Rebbimiz Isanyň merhemeti ähliňiz bilen bolsun. Omyn! |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2002/revelation/022.mp3
22
22