Turkmen 2002 Latin
|
| 1 |
| Sardisdäki ýygnagyň perişdesine ýaz: Hudaýyň ýedi ruhuna, ýedi ýyldyza eýe Bolan şeýle diýýär: Men seniň edenleriňi bilýärin. Saňa diri diýýärler, ýöne sen ölüsiň. |
| 2 |
| Oýan! Galan we öljek zatlary güýçlendir. Çünki Men Hudaýyň öňünde işleriňi bitirmäniňi gördüm. |
| 3 |
| Munuň üçin, alanyňy, eşideniňi ýada sal-da, berjaý et, toba gel. Oýanmasaň, bir ogry ýaly gelerin, Meniň haýsy sagatda üstüňe geljegimi-de bilmän galarsyň. |
| 4 |
| Emma Sardisde seniň ýanyňda egin-eşiklerini kirletmedik birnäçe adam bar. Olar Meniň bilen bile ak lybaslar geýip gezer, sebäbi muňa laýykdyrlar. |
| 5 |
| Ýeňen ak egin-eşikler geýer. Men onuň adyny ýaşaýyş kitabyndan öçürmerin, Atamyň hem Onuň perişdeleriniň öňünde adyny ykrar ederin. |
| 6 |
| Gulagy bar adam Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitsin». |
| 7 |
| Filadelfiýadaky ýygnagyň perişdesine ýaz: Mukaddes hem çyn bolan, Dawut açarynyň eýesi, açanyny hiç kim ýapyp bilmeýän, ýapanyny hiç kim açyp bilmeýän şeýle diýýär: |
| 8 |
| Seniň nämeler edeniňi bilýärin. Ine, öňüňde bir açyk gapy goýdum, hiç kim ony ýapmagy başarmaz. Seniň güýjüň az, muňa garamazdan, Meniň sözümi berjaý etdiň, adymy inkär etmediň. |
| 9 |
| Ine, şeýtanyň sinagogasyndan bolanlary, ýehudy bolmasalar-da, ýalan sözläp, özlerine ýehudy diýýänleri gelip, aýagyňa ýykylmaga mejbur ederin. Olar seni söýýändigimi biler. |
| 10 |
| Sözümi berjaý edip, sabyr bilen çydanyň üçin, ýer ýüzünde ýaşaýanlary synama maksady bilen, bütin dünýäniň üstüne injek synag sagadyndan seni goraryn. |
| 11 |
| Men basym gelerin. Täjiňi hiç kime aldyrmajak bolup, baryňy gaýym sakla. |
| 12 |
| Ýeňeni Hudaýymyň ybadathanasyna direg ederin. Ol, artykmaç, ol ýerden daşary çykmaz. Onuň maňlaýyna Hudaýymyň adyny, Hudaýymyň şäheriniň adyny, ýagny Gökden, Hudaýymyň huzuryndan inen täze Iýerusalimiň adyny, Öz täze adymy ýazaryn. |
| 13 |
| Gulagy bar adam Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitsin». |
| 14 |
| Laodikiýadaky ýygnagyň perişdesine ýaz: Omyn, dogruçyl, çyn güwä, Hudaýyň ýaradanlarynyň başy şeýle diýýär: |
| 15 |
| Seniň nämeler edeniňi bilýärin. Sen ne sowuk, ne-de gyzgynsyň. Käşgä sowuk ýa gyzgyn bolsadyň! |
| 16 |
| Ne gyzgyn, ne-de sowuk, ýöne ýylylygyň üçin, Men seni agzymdan gusaryn. |
| 17 |
| Sen: „Men baýdyryn, barlydyryn, zada zar däldirin\ diýip, biçäre, betbagt, garyp, kör hem ýalaňaçdygyňy bilmeýärsiň. |
| 18 |
| Men saňa baýar ýaly, Menden ot bilen saplanan altyn geýnip, ýalaňaçlygyň aýbyny örter ýaly ak egin-eşik, görer ýaly, gözleriňe çalar ýaly göz dermanyny satyn almagy maslahat berýärin. |
| 19 |
| Men söýýänlerimiň hemmesine käýäp, terbiýe berýändirin. Şonuň üçin, yhlasly bol-da toba et. |
| 20 |
| Ine, Men işikde durun, gapyny kakýaryn. Biri sesimi eşidip, gapyny açsa, içerik girerin. Men onuň bilen, ol-da Meniň bilen bile naharlanar. |
| 21 |
| Men ýeňip, atam bilen bile Onuň tagtynda oturan bolsam, ýeňene-de Meniň bilen bile Öz tagtymda oturmaga ygtyýar bererin. |
| 22 |
| Gulagy bar adam Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitsin». |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2002/revelation/003.mp3
22
3