Turkmen 2002 Latin
|
| 1 |
| Mundan soň seretdim, ine, Gökde açyk duran bir gapy bardy. Meniň bilen gepleşýänini eşiden sesim, ýagny surnaý sesine meňzeş ozalky ses: «Gel, bu ýere çyk, mundan soň bolmaly zatlary saňa görkezeýin» diýdi. |
| 2 |
| Şol pursat birden Ruhdadym. Ine, Gökde bir tagt bardy, tagtyň üstünde biri otyrdy. |
| 3 |
| Oturanyň görnüşi ýaşma, gyrmyzy hakyk daşyna meňzeýärdi, tagtyň töwereginde zümerret görnüşli älemgoşar bardy. |
| 4 |
| Tagtyň daş-töwereginde ýigrimi dört sany başga tagt bardy, bu tagtlaryň üstünde başlary altyn täçli, ak lybasly ýigrimi dört ýaşuly otyrdy. |
| 5 |
| Tagtdan ýyldyrymlar çakýardy, batly sesler hem gök gürrüldisi eşidilýärdi. Tagtyň öňünde ýanyp duran ýedi çyra bardy. Bular Hudaýyň ýedi Ruhudyr. |
| 6 |
| Tagtyň garşysynda bulgur kimin dury, göýä çüýşeden ýasalan bir deňiz bar ýalydy. Ortada, tagtyň dört tarapynda öňi hem arka tarapy gözlerden doly dört sany janly mahluk durdy. |
| 7 |
| Birinji mahluk arslana meňzeýärdi, ikinji mahluk öküze, üçünji mahlugyň ýüzi adam ýüzi ýalydy, dördünji mahluk uçup barýan bürgüde meňzeşdi. |
| 8 |
| Janly dört mahlugyň her biriniň alty ganaty bardy. Töwerek daşlary, ganatlarynyň aşagy-da gözlerden doludy. Olar gije-gündiz yzyny üzmän: «Mukaddesdir, mukaddesdir, mukaddesdir, geçmişde bar bolan, häzir bar bolan we geljek, her zada güýji ýetýän Reb Hudaý!» diýýärdiler. |
| 9 |
| [9-10] Janly mahluklar tagtyň üstünde Oturana, ebedilik Ýaşaýana şöhrat, hormat hem şükür edenlerinde, ýigrimi dört ýaşuly-da ebedilik diri bolup, tagt üstünde Oturanyň öňünde ýere ýykylyp, Oňa sežde edýärdiler, täçlerini tagtyň öňüne zyňyp, şeýle diýýärdiler: |
| 10 |
| 11 |
| «Eý Rebbimiz, Hudaýymyz! Sen şöhraty, hormaty hem gudraty almaga mynasypsyň. Çünki hemme zady Sen ýaratdyň. Ählisi Seniň islegiň bilen döredi, ýaradyldy». |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2002/revelation/004.mp3
22
4