Turkmen 2002 Latin
|
| 1 |
| Tagtyň üstünde Oturanyň sag elinde içi-daşy ýazgyly, ýedi möhür bilen möhürlenen bir kitap gördüm. |
| 2 |
| «Kitaby açmaga, onuň möhürlerini döwmäge kim mynasyp?» diýip, gaty ses bilen gygyrýan bir güýçli perişdäni hem gördüm. |
| 3 |
| Emma kitaby açyp, onuň içine seretmegi başarjak adam ne Gökde, ne ýer ýüzünde, ne-de ýer astynda bardy. |
| 4 |
| Men köp agladym. Çünki kitaby açmaga, onuň içine seretmäge mynasyp hiç kim tapylmady. |
| 5 |
| Şonda ýaşululardan biri maňa şeýle diýdi: «Aglama! Ine, Ýahuda taýpasyndan, Dawudyň kökünden bolan Arslan ýeňdi. Ol kitaby we kitabyň ýedi möhürini açmagy başarar». |
| 6 |
| Men tagtyň ortasynda, janly dört mahluk bilen ýaşulularyň arasynda, damagy çalnana meňzeş bir Guzy gördüm. Guzynyň ýedi şahy hem ýedi gözi bardy. Bu gözler Hudaýyň bütin dünýä iberilen ýedi Ruhudyr. |
| 7 |
| Guzy geldi-de, tagtyň üstünde Oturanyň sag elinden kitaby aldy. |
| 8 |
| Ol kitaby alanda, janly dört mahluk, ýigrimi dört ýaşuly Guzynyň öňünde ýere ýykyldylar. Olaryň her biriniň bir arfasy we mukaddesleriň dogalary bolan buhurlardan doly altyn käseleri bardy. |
| 9 |
| Olar bir täze aýdym aýdýardylar: «Sen kitaby almaga, kitabyň möhürlerini açmaga mynasypsyň. Çünki damagyň çalnyp, Öz ganyň bilen bizi her taýpadan, her dilden, her halk we her milletden Hudaýa satyn aldyň. |
| 10 |
| Bizi Hudaýymyzyň hyzmatynda patyşalyk ýagdaýyna sokup, ruhany etdiň. Biz dünýä üstünden höküm süreris». |
| 11 |
| Onsoň seretdim, tagtyň, janly mahluklaryň hem ýaşulularyň töwereginde bir topar perişdäniň sesini eşitdim. Olaryň sany müňlerçe müňler, on müňlerçe on müňlerdi. |
| 12 |
| Olar batly ses bilen: «Damagy çalnan Guzy güýji, baýlygy, akyldarlygy, gudraty, hormaty, şöhraty we öwgini almaga mynasypdyr» diýýärdiler. |
| 13 |
| Onsoň Gökdäki, ýer ýüzündäki, ýer astyndaky we deňizdäki her mahlugyň, älemdäki bar zadyň: «Öwgi, hormat, şöhrat we gudrat ebedilik tagt üstünde Oturanyňky hem Guzynyňky bolsun!» diýenini eşitdim. |
| 14 |
| Janly dört mahluk «Omyn» diýýär, ýaşulular-da ýere ýykylyp sežde edýärdi. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2002/revelation/005.mp3
22
5