Turkmen 2002 Latin
|
| 1 |
| Guzy ýedinji möhüri açanda, Gökde ýarym sagada golaý ümsümlik boldy. |
| 2 |
| Men Hudaýyň öňünde duran ýedi perişdäni gördüm. Olara ýedi surnaý berildi. |
| 3 |
| Başga bir perişde gelip, gurbanlyk edilýän ýeriň öňünde durdy. Onuň elinde altyn buhurdan bardy. Oňa tagtyň öňündäki altyn gurbanlyk edilýän ýerde ähli mukaddesleriň dogalary bilen hödürlemegi üçin köp buhur berildi. |
| 4 |
| Mukaddesleriň dogalary bilen birlikde buhuryň tüssesi perişdäniň elinden Hudaýyň huzuryna ýokary göterildi. |
| 5 |
| Perişde buhurdany alyp, gurbanlyk edilýän ýeriň odundan doldurdy. Muny ýeriň ýüzüne zyňanda, Gök gürläp, batly sesler çykdy, ýyldyrymlar çakyp, ýer titredi. |
| 6 |
| Onsoň ýedi perişde ellerindäki ýedi surnaýy çalmaga taýýarlandylar. |
| 7 |
| Birinji perişde surnaý çaldy. Gan gatyşyk doly hem ot döräp, ýer ýüzüne döküldi. Ýeriň üçden biri, agaçlaryň üçden biri, bütin ýaşyl ot ýandy. |
| 8 |
| Ikinji perişde surnaý çaldy. Oduň içinde ýanýan uly dag ýaly bir zat deňze zyňyldy. Deňziň üçden biri gana döndi. |
| 9 |
| Deňizde ýaşaýan janly mahluklaryň üçden biri öldi, gämileriň hem üçden biri weýran boldy. |
| 10 |
| Üçünji perişde surnaý çaldy. Gökden çyra ýaly ýanýan bir uly ýyldyz derýalaryň üçden biriniň üstüne, suw bulaklarynyň üstüne gaçdy. |
| 11 |
| Bu ýyldyzyň ady Ýowşandyr. Suwlaryň üçden biri ýowşan ýaly ajady. Ajan suwlardan içen birtopar adam öldi. |
| 12 |
| Dördünji perişde surnaý çaldy. Günüň üçden biri, Aýyň üçden biri, ýyldyzlaryň üçden biri garalsyn we gündiz üçden biri, gije-de, şonuň ýaly, üçden biri ýagty salmasyn diýip uruldylar. |
| 13 |
| Onsoň seretdim, Gögüň ortasynda uçup ýören bir perişdäniň batly ses bilen şeýle diýýänini eşitdim: «Surnaý çaljak beýleki üç perişdäniň surnaýynyň sesinden ýer ýüzünde ýaşaýanlaryň gününe waý, waý, waý!» |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2002/revelation/008.mp3
22
8