Turkmen 2002 Latin
|
| 1 |
| Bäşinji perişde surnaý çaldy. Men Gökden ýere gaçan bir ýyldyz gördüm. Ýyldyza düýpsüz dowzah guýusynyň açary berlipdi. |
| 2 |
| Ol düýpsüz guýyny açanda, guýudan ojagyň tüssesi ýaly tüsse çykdy. Guýynyň tüssesinden Gün hem howa garaldy. |
| 3 |
| Tüsseden ýer ýüzüne çekirtge ýagdy. Olara-da ýer ýüzündäki içýanlara berlişi ýaly, gudrat berlipdi. |
| 4 |
| Olara ýer ýüzüniň otuna, hiç bir gök ösümlige, hiç bir agaja däl-de, diňe maňlaýynda Hudaýyň möhüri bolmadyk adamlara zyýan ýetirmek buýruldy. |
| 5 |
| Olara hiç kimi öldürmän, bu adamlary bäş aýlap gynamaga ygtyýar berildi. Gynaýyşlary bir içýanyň adamy çakanda berýän yzasyna meňzeýärdi. |
| 6 |
| Ol günlerde ynsanlar ölümi agtarar, ýöne ony tapyp bilmezler. Ölümi küýsär, ýöne ölüm olardan gaçar. |
| 7 |
| Çekirtgeleriň görnüşi söweşe taýýarlanan atlaryňka meňzeýärdi. Başlarynda altyn täç ýaly başlyklar bardy, ýüzleri adamyň ýüzüne meňzeşdi. |
| 8 |
| Saçlary aýalyň saçy, dişleri-de arslanyňky ýalydy. |
| 9 |
| Olaryň demir sowutlar ýaly, döş sowutlary bardy. Ganatlarynyň sesi söweşe çapýan köp sanly arabaly atlaryň çykarýan sesine meňzeýärdi. |
| 10 |
| Içýanlaryňka meňzeş guýruklary, iňňeleri bardy. Adama bäş aýlap zyýan ýetirýän gudratlary guýruklaryndady. |
| 11 |
| Olaryň üstünden dowzah guýusynyň perişdesi patyşalyk edýärdi. Bu perişdäniň ady ýewreýçe Abaddon, grekçe Apoliondyr. |
| 12 |
| Birinji «Waý» geçdi, ine, mundan soň ýene iki «Waý» gelýär. |
| 13 |
| Altynjy perişde surnaý çaldy. Men Hudaýyň öňündäki altyndan gurbanlyk edilýän ýeriň dört şahyndan bir ses eşitdim. |
| 14 |
| Ses eli surnaýly altynjy perişdä: «Uly Ýewfrat derýasynyň ýanynda daňylgy duran dört perişdäni goýber!» diýdi. |
| 15 |
| Şeýle, şol sagat, şol gün, şol aý we şol ýyl üçin taýýarlanan dört perişde ynsanlaryň üçden birini öldürsin diýip goýberildi. |
| 16 |
| Bularyň atly goşunynyň sany iki ýüz milliondy; sanlaryny eşitdim. |
| 17 |
| Atlary, olaryň üstündäkileri şeýle görnüşde gördüm: atlylaryň ot, gök ýakut hem kükürt reňkli sowutlary bardy. Atlaryň kellesi arslanyň kellesine meňzeýärdi, agyzlaryndan bolsa ot, tüsse, kükürt çykýardy. |
| 18 |
| Ynsanlaryň üçden biri olaryň agzyndan çykýan otdan, tüsseden we kükürtden ― bu üç beladan öldi. |
| 19 |
| Çünki atlaryň gudraty agzynda hem guýrugyndadyr. Sebäbi ýylana meňzeş guýruklarynyň başlary bolup, bular bilen zyýan berýändirler. |
| 20 |
| Galan ynsanlar, ýagny bu belalardan ölmän galanlar jynlara, öz elleri bilen ýasan, görüp, eşidip we ýöräp bilmeýän altyn, kümüş, mis, daş we agaç butlaryna sežde etmekden el çekip toba etmediler. |
| 21 |
| Olar adam öldürmeden, jadygöýlükden we ogrulykdan toba etmediler. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2002/revelation/009.mp3
22
9