Mukaddes Kitap Latin 2016
|
| 1 |
| Günlerde bir gün Şimşon Gaza gelende bir loly aýala sataşyp, şonuň bilen gitdi. |
| 2 |
| Gazanyň ilaty: «Şimşon bärik gelipdir» diýşip, töwerekde gaýmalaşdy. Olar: «Jahan ýagtylýança garaşarys, ony öldüreris» diýip, uzynly gije galanyň derwezesini garawulladylar. |
| 3 |
| Şimşon ýarygijä çenli ýatdy, gijäniň ýarynda turdy-da, baryp, gala derwezesiniň gapylarynyň iki söýesini kiltleri bilen bilelikde goparyp, ony omzuna alyp, Hebronyň garşysyndaky dagyň depesine eltip goýdy. |
| 4 |
| Şondan soň Şimşon Sorek jülgesinde ýaşaýan bir aýala aşyk boldy. Onuň ady Delilady. |
| 5 |
| Piliştli hanlar ol aýalyň ýanyna gelip: «Biz ony daňyp, özümize boýun egdirip biler ýaly, sen ugruny tap-da, onuň beýik güýjüniň nämededigini özüne aýtdyr. Şeýtseň, biziň herimiz saňa bir müň bir ýüz kümüş teňňe bereris» diýdiler. |
| 6 |
| Delila Şimşondan: «Sen maňa aýtsana, beýle beýik güýji nireden alýarsyň? Seni näme bilen daňsaň, boýun egdirip bolar?» diýip sorady. |
| 7 |
| Şimşon oňa: «Eger-de meni entek guramadyk ýedi sany ýaý kirşi bilen daňsalar, men güýçden gaçyp, beýleki adamlar ýaly bolaryn» diýdi. |
| 8 |
| Piliştli hanlar ol aýala entek guramadyk täzeje ýedi sany ýaý kirşini getirip berdiler. Ol şonuň bilen Şimşony daňdy. |
| 9 |
| Şol wagt piliştlilerden birnäçe adamlar şol otagda bukulyp otyrdylar. Aýal Şimşona: «Şimşon! Seniň üstüňe piliştliler gelýärler» diýdi. Şimşon ýaý kirişlerini edil ot degen ýüplügiň ýolnuşy ýaly edip, üzüp taşlady. Onuň güýjüniň nämededigi bilinmän galdy. |
| 10 |
| Delila Şimşona: «Sen meni samsyk hasap edýärsiň, ýalan sözleýärsiň. Indi beri aýdaý, seni näme bilen daňyp bolar?» diýdi. |
| 11 |
| Şimşon oňa: «Eger-de meni öň ulanylmadyk täze ýüp bilen daňsalar, men güýçden gaçaryn, beýleki adamlar ýaly bolaryn» diýdi. |
| 12 |
| Delila täze ýüp alyp, ony daňdy-da, oňa: «Şimşon! Seniň üstüňe piliştliler gelýärler» diýdi. Şol wagt piliştlilerden birnäçe adam şol otagda bukulyp otyrdylar. Şimşon ony-da ot degen ýüplügiň ýolnuşy ýaly edip, üzüp taşlady. |
| 13 |
| Delila Şimşona ýene: «Sen meni samsyk hasap edýärsiň, ýalan sözleýärsiň. Aýtsana, seni näme bilen daňyp bolar?» diýdi. Ol: «Meniň saçymyň ýedi örümini gaty örersiň-de, ony dokma dokalýan gurala berk çekdirip daňarsyň. Şonda men güýçden gaçyp, beýleki adamlar ýaly bolaryn» diýdi. |
| 14 |
| Delila Şimşony öz dyzynyň üstünde uklatdy. Ol uklanda, onuň saçynyň ýedi örümini aldy-da, olary pugta örüp, dokma dokalýan guralda çekdirip berkitdi hem-de oňa: «Seniň üstüňe piliştliler gelýärler, Şimşon!» diýdi. Ol ukudan oýandy-da, dokma dokalýan guraly ondaky mata bilen bilelikde goparyp taşlady. Onuň güýjüniň nämededigi ýene bilinmän galdy. |
| 15 |
| Delila oňa: «Seniň ýüregiň meniň bilen däl eken. Nädip sen maňa: „Men seni söýýärin“ diýip bilýärsiň? Üç gezek sen meni samsyk hasap etdiň, güýjüňiň nämededigini maňa aýtmadyň» diýdi. |
| 16 |
| Delila her gün sorap, Şimşonyň ýüregine düşdi. Ol ony halys irizip, janyndan bizar etdi. |
| 17 |
| Şimşon ahyrsoňunda oňa öz ýüregini açdy: «Men entek ejemiň göwresindekäm Hudaýa nazyr bolandygym üçin, meniň kelläme heniz päki degen däldir. Eger meniň saçym syrylsa, güýjüm menden gider; meniň güýjüm gaçyp, beýleki adamlar ýaly bolaryn» diýdi. |
| 18 |
| Şeýdip, ol ähli syryny Delila açdy. Şundan soň, Delila: «Indi geliberiň, ol maňa öz ýüregini açdy» diýip aýtmaga piliştli hanlara habarçy iberdi. Piliştli hanlar elleri kümüş pully geldiler. |
| 19 |
| Delila Şimşony öz dyzynyň üstünde uklatdy. Onuň saçynyň ýedi örümini syrdyrmak üçin adam çagyrdy-da, oňa syrmagy buýurdy. Şimşon ejizlenip başlady, onuň güýji gaçdy. |
| 20 |
| Delila: «Seniň üstüňe piliştliler gelýärler, Şimşon!» diýende, ol oýanyp, öňki gezekdäki ýaly öz-özüni boşatmakçy boldy. Emma ol Rebbiň indi özünden ýüz öwrendigini bilmeýärdi. |
| 21 |
| Piliştliler ony tutup, gözlerini oýdular. Gaza getirip, iki sany bürünç zynjyr bilen gandalladylar. Oňa zyndanda degirmen üwetdiler. |
| 22 |
| Şol aralykda onuň kellesiniň syrylan ýerlerine saç çykyp başlady. |
| 23 |
| Pilişt hanlary özleriniň hudaýy Dagona juda köp gurbanlyklar berip, şady-horramlyk etmek üçin ýygnandylar. Olar: «Duşmanymyz Şimşony hudaýymyz biziň elimize berdi» diýişdiler. |
| 24 |
| Halk Şimşony görende: «Köpümizi öldürip, ýerlerimizi tozduran duşmanymyzy hudaýymyz biziň elimize berdi» diýşip, öz hudaýlaryny alkyşlamaga başladylar. |
| 25 |
| Mes bolan jemagat: «Şimşony getiriň, goý, ol biziň göwnümizi açsyn» diýip gygyryşdy. Şimşony zyndandan getirip, onuň üstünden gülüp başladylar, masgaraladylar, soňra ony sütünleriň aralygynda duruzdylar. |
| 26 |
| Şimşon elinden tutup, özüni idip ýören ýigdekçä: «Meni şu jaýy saklaýan sütünleriň ýanyna elt, şolara söýeneýin» diýdi. Ýigdekçe şeýle hem etdi. |
| 27 |
| Jaýyň içi aýal-erkeklerden doludy; pilişt hanlary hem şol ýerdedi. Jaýyň üstünde-de üç müňe golaý aýal-erkek bardy. Olaryň bary Şimşona tomaşa edýärdiler. |
| 28 |
| Şimşon Rebbi çagyrdy-da: «Eý, Hökmürowan Reb, meni ýadyňa sal. Eý, Hudaý! Maňa ýene bir gezejik kuwwat ber, iki gözüm üçin, piliştliler bilen bir gezekde hasaplaşaýyn» diýdi. |
| 29 |
| Şimşon jaýy saklaýan sütünleriň birine sag elini, beýlekisine çep elini diräp, olary ýerinden süýşürdi. |
| 30 |
| Şimşon: «Goý, piliştliler bilen bile öleýin» diýip, bar güýji bilen sütünleri itende, jaý hanlaryň, jaýdaky ähli adamlaryň üstüne ýykyldy; Şimşonyň özi ölen wagty öldürenleri onuň bütin ömründe öldürenlerinden has köp boldy. |
| 31 |
| Onuň doganlary, kakasynyň tutuş maşgalasy gelip, Şimşonyň jesedini äkitdiler we ony getirip, Sorga bilen Eştawolyň aralygynda, kakasy Manowanyň gubry goýlan gümmezde jaýladylar. Ol ysraýyllara ýigrimi ýyllap serdar boldy. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2017/judges/016.mp3
21
16