Rebbiň perişdesi Gilgaldan Bohime gelip, şeýle diýdi: «Men sizi Müsürden çykaryp, ata-babalaryňyza söz beren ýurduma getirdim. Men şol mahal Özümiň siz bilen eden ähtimi asla bozmajakdygymy we
bu ýurduň ilaty bilen siziň äht edişmeli däldigiňizi, olaryň gurbanlyk sypalaryny ýykyp-ýumurmalydygyňyzy aýdypdym. Ýöne siz sözüme gulak asmadyňyz. Bu näme etdigiňiz boldy?
Ýeşuwanyň ýaşan döwründe ysraýyl halky Rebbe gulluk etdi. Ýeşuwadan soň ýaşap, Rebbiň Ysraýyla eden ägirt işlerini gözi bilen gören garrylaryň döwründe-de ysraýyl halky Rebbe gulluk etdi.
Şeýlelik bilen, tutuş bir nesil dünýäden ötdi we bu öňki nesliň deregine Rebbi bilmeýän we Onuň Ysraýyl üçin eden işlerinden habarsyz başga bir nesil kemala geldi.
Olar ata-babalaryny Müsürden çykaran öz Hudaýy Rebbi terk edip, daş-töweregindäki ähli goňşy milletleriň hudaýlaryna sygyndylar, olara baş egip sežde etdiler. Şeýdip, olar Rebbiň gaharyny getirdiler.
Rebbiň ysraýyllara gahary geldi. Reb olary talaňçylaryň eline berdi, olary taladylar. Reb olary çar tarapdan duşmanlaryň eline berdi. Olar duşman öňünde uzak durup bilmediler.
Emma olar serdarlara-da gulak asmadylar. Tersine, başga hudaýlara sežde edip, Rebbe biwepalyk etdiler; Rebbiň buýruklaryny ýerine ýetiren ata-babalarynyň yzyna eýermän, gaýtam olaryň ýolundan juda tiz çykdylar.
Reb olar üçin ýolbaşçy serdary çykaranda, Reb serdar bilen bile bolardy, serdaryň ähli ýaşan ömründe, Reb ysraýyllary duşmanlarynyň elinden halas ederdi. Çünki olar sütemiň we zulumyň goly astynda bolanlarynda, Reb olara rehim ederdi.
Emma serdar ölen badyna, olar ýene öňki ýollaryna dolanýardylar, ata-babalaryndan beter bozulýardylar; başga hudaýlara gulluk edip, olara sežde ederdiler. Şeýdip, olar tekepbirlik bilen özleriniň bet işlerinden el üzmediler.