Ine, Rebbiň şol galdyran milletleri: piliştlileriň bäş hanlygy, ähli kenganlar, sidonlar, Bagalhermon dagyndan Lebohamada çenli aralykdaky Liwan dagynda ýaşaýan hiwiler.
Rebbiň Musanyň üsti bilen ata-babalaryna berlen buýruklaryna ysraýyllaryň gulak asýandyklaryny ýa-da gulak asmaýandyklaryny synamak üçin Reb şu halklary galdyrypdy.
Şol sebäpden Rebbiň Ysraýyla gahary gelip, olary Mesopotamiýa patyşasy Kuşan-rişataýymyň eline tabşyrdy. Ysraýyllar sekiz ýyllap Kuşan-rişataýymyň gol astynda boldular.
Rebbiň Ruhy Otniýele indi; ol ysraýyllara serdar bolup, urşa çykdy, Reb Siriýa patyşasy Kuşan-rişataýymy onuň eline berdi. Otniýel Kuşan-rişataýymy boýun egdirdi.
Ysraýyllar ýene Rebbiň ýigrenýän işlerini etdiler. Reb hem Mowap patyşasy Eglony ysraýyllaryň garşysyna güýçlendirdi, sebäbi ysraýyllar Rebbiň ýigrenýän işlerini etdiler.
Ysraýyllar ýene-de Rebbe perýat edenlerinde, Reb olar üçin bir halasgär berdi. Ol benýamin tiresinden Geranyň ogly Ehutdy, ol çepbekeýdi. Ysraýyllar Mowap patyşasy Eglon üçin salgyt äkitmegi Ehuda tabşyrdylar.
Ýöne onuň özi Gilgalyň gapdalyndaky ýonulan uly daşyň duran ýerinden yzyna öwrülip geldi-de: «Eý, patyşa, saňa aýtjak bir gizlin sözüm bar» diýdi. Eglon: «Ümsüm boluň!» diýip, ýanyndakylaryň hemmesini daşaryk çykardy.
Hanjar sapy bilen bile girip gitdi. Hanjar patyşanyň ýagly garnynda galdy. Ehut hanjaryny yzyna çykarmady, hanjarynyň ujy onuň arkasyndan çykdy, onuň içgoşy daşyna çykdy.
Ehut olara: «Meniň yzyma düşüň, Reb duşmanyňyz mowaplylary siziň eliňize tabşyrdy» diýdi. Olar hem onuň yzy bilen aşak indiler we mowaplylardan Iordan derýasynyň güzerlerini eýeläp, ol ýerden hiç kimi geçirmediler.