Mukaddes Kitap Latin 2016
|
| 1 |
| Ehut ölenden soň, ysraýyllar ýene-de Rebbiň ýigrenýän işlerini etdiler. |
| 2 |
| Reb ysraýyllary Hasor galasynda höküm süren we kengan halkyndan bolan Ýabyn atly hanyň eline berdi. Haroşet-hagoýym galasynda ýaşaýan Sisera onuň harby serkerdesidi. |
| 3 |
| Ysraýyllar Rebbe perýat edip, Ondan kömek soradylar, Oňa ýalbardylar, sebäbi Ýabynyň dokuz ýüz sany demir söweş arabasy bardy we ol ýigrimi ýyl bäri ysraýyllary rehimsizlik bilen ezip gelýärdi. |
| 4 |
| Şol döwürde ysraýyllara Lapydodyň aýaly Debora pygamber serdarlyk edýärdi. |
| 5 |
| Ol Efraýym daglygynda, Rama bilen Beýteliň aralygyndaky palma agajynyň aşagynda oturýardy. Deboranyň buýrugyny eşitmek üçin ysraýyllar onuň ýanyna gelerdiler. |
| 6 |
| Debora Abynogamyň ogly Baragyň yzyndan adam iberip, Kedeş galasynyň Naftaly diýen ýerine çagyrtdy we oňa şeýle diýdi: « Ysraýyl Hudaýy Reb saňa şeýle buýruk berdi: „Bar, naftalylardan we zebulunlardan on müň adamy ýanyňa al-da, olar bilen Tabor dagyna çyk. |
| 7 |
| Men bolsa harby serkerde Siserany, onuň söweş arabalaryny, agyr goşunyny Kişon derýasyna tarap getirip, seniň eliňe berjek“». |
| 8 |
| Barak oňa: «Eger sen meniň bilen gitseň, men gideýin, ýogsam, men gitjek däl» diýdi. |
| 9 |
| Debora oňa: «Bolýar, men seniň bilen gideýin; bu urşuň abraýy saňa nesip etmez, çünki Reb Siserany bir aýalyň eline berer» diýdi. Şeýle diýip, Debora Barak bilen bile Kedeş galasyna tarap ýola düşdi. |
| 10 |
| Barak zebulunlar bilen naftalylary Kedeş galasyna üýşürdi, on müň adam onuň yzyna eýerdi. Debora olara ýoldaş boldy. |
| 11 |
| Keýn tiresinden bolan Heber Kedeşiň golaýynda ýerleşen Saganannymda, dub agajynyň ýanynda çadyr gurupdy. Heber şol wagtlar beýleki keýnlerden aýry ýaşaýardy. Keýn tiresi Musanyň gaýynatasy Hobabyň nesillerindendi. |
| 12 |
| Abynogamyň ogly Baragyň Tabor dagyna çykandygyny Sisera habar berenlerinde, |
| 13 |
| ol öz ýanyndaky esgerlerini, ähli söweş arabalaryny we dokuz ýüz demir arabasyny Haroşet-hagoýymdan çagyryp, olary Kişon derýasynyň ýakasyna üýşürdi. |
| 14 |
| Debora Baraga: «Tur, Rebbiň Siserany seniň eliňe berjek güni şu gündür. Rebbiň Özi seniň öňüňe düşer» diýdi. Şeýlelikde, Barak Tabor dagyndan aşak indi, onuň yzy bilen on müň adam gaýtdy. |
| 15 |
| Baragyň goşuny bilen Siseranyň goşuny söweşip başlanda, Reb Siseranyň esgerlerini we söweş arabalaryny derbi-dagyn etdi. Sisera arabasyndan düşüp, pyýadalap gaçdy. |
| 16 |
| Barak Siseranyň söweş arabasyny we bütin goşunyny Haroşet-hagoýyma çenli kowdy, olaryň baryny gylyçdan geçirdi, ýeke adamy-da diri goýmady. |
| 17 |
| Sisera pyýada gaçyp, keýnlerden bolan Heberiň aýaly Ýageliň ýaşaýan çadyryna bardy. Heber we onuň öýündäkiler Hasor hany Ýabyn bilen ylalaşykly ýaşaýardy. |
| 18 |
| Ýagel golaýlap gelýän Siserany görüp, onuň öňünden çykdy we oňa: «Gel, agam, gel meniň ýanyma, gorkma» diýdi. Ol gelip, bu aýalyň çadyryna girdi. Aýal onuň üstüne kilim ýapyp, ony gizledi. |
| 19 |
| Sisera aýala: «Men gaty suwsadym, maňa bir azajyk suw bersene» diýdi. Ýagel süýtli meşikden süýt alyp, Sisera içirdi-de, ýene onuň üstüni örtdi. |
| 20 |
| Soňra Sisera Ýagele: «Sen gapynyň agzynda bol, eger biri gelip: „Bu ýerde adam barmy?“ diýip soraýsa, sen: „Ýok“ diýip jogap berersiň» diýdi. |
| 21 |
| Sisera örän ýadawdy; ol uka gitdi. Ýagel çadyryň gazyklaryndan birini hem-de tokmagy alyp, gazygy assyrynlyk bilen Siseranyň gulak tozunda goýdy-da, üstünden tokmak bilen urdy. Gazyk onuň kellesini ýere ýelmeşdirdi. Ol dessine jan berdi. |
| 22 |
| Barak Siserany yzarlap, çadyryň ýanyna geldi. Ýagel ony görüp, öňünden çykdy-da: «Gel bärik, men saňa ýitgiňi tapyp bereýin» diýdi. Barak Ýageliň ýanyna girende, çekgesinden gazyk geçirilen, jansyz ýatan Siserany gördi. |
| 23 |
| Şeýdip, şol gün Hudaý kengan halkyndan bolan Ýabyn hany ysraýyllara tabyn etdi. |
| 24 |
| Ysraýyllar gün-günden güýçlenip, Kengan hanlygyny doly syndyrdylar. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2017/judges/004.mp3
21
4