Mukaddes Kitap Latin 2016
|
| 1 |
| Soňra efraýymlar Gidegona: «Sen näme üçin beýle etdiň, näme üçin midýanlar bilen söweşmäge gideniňde bizi çagyrmadyň?» diýdiler. Olar Gidegony gaty ýazgardylar. |
| 2 |
| Gidegon olara: «Siziň bitiren işiňiziň ýanynda meniňki dagy näme? Efraýym Abygezeriň ýygnan üzüminden köp ýygyp, özüni bagtly hasaplamanmydy näme? |
| 3 |
| Hudaý Midýan baştutanlary Orep bilen Zeýebi siziň eliňize berdi. Men siziňkiçe iş bitirip bildimmi?» diýdi. Bu sözleri eşidip, efraýymlaryň gahary köşeşdi. |
| 4 |
| Gidegon ýadaw bolsa-da, duşmanyň yzyndan kowalamagy dowam edip, öz üç ýüz adamy bilen Iordan derýasyndan geçdi. |
| 5 |
| Ol Sukodyň ilatyna: «Meniň yzymdan gelýän adamlaryma çörek beriň, olar gaty ýadaw. Men midýan baştutanlary Zebah bilen Salmunnany yzarlap barýaryn» diýdi. |
| 6 |
| Emma Sukodyň ýolbaşçylary: «Seniň goşunyňa näme üçin çörek bereli? Zebahy we Salmunnany siz ele saldyňyzmy näme?!» diýdiler. |
| 7 |
| Gidegon: «Bolýar, Reb Zebahy we Salmunnany meniň elime berenden soň, şu bolşuňyz üçin sizi çöl agajynyň tikenleri bilen hem-de böwürslen çybyklary bilen teniňizi parçalaryn» diýdi. |
| 8 |
| Gidegon bu ýerden çykyp, Peniýele gitdi we onuň ilatyna-da öňki aýdanlaryny gaýtalady, olar hem Sukodyň ilatynyň beren jogaby ýaly jogap berdiler. |
| 9 |
| Ol Peniýeliň ilatyna-da: «Ýeňiş bilen yzyma dolanyp gelenimde, şu diňiňizi ýykaryn» diýdi. |
| 10 |
| Zebah bilen Salmunna Karkordady. Gündogaryň ilatyndan ýygnanan, tutuş goşundan diri galan on bäş müňe golaý esger hem olaryň ýanyndady. Olaryň ýüz ýigrimi müň söweşijileri bolsa öldürilipdi. |
| 11 |
| Gidegon Noba bilen Ýogbohanyň gündogaryndaky kerwen ýoly bilen baryp, olaryň garaşmadyk wagtynda duýdansyz olara zarba urdy. |
| 12 |
| Midýanlaryň Zebah bilen Salmunna atly iki baştutany gaçdy, emma Gidegon olary kowalap tutdy. Bütin goşun aljyraňňylyga düşdi. |
| 13 |
| Ýowaşyň ogly Gidegon Heres geçidiniň üsti bilen uruşdan gaýdyp geldi. |
| 14 |
| Ol Sukodyň ilatyndan bir ýaş ýetginjegi tutdy-da, ony sorag etdi. Ol Sukot baştutanlarynyň we ýaşulularynyň ýetmiş ýedi sanysynyň adyny ýazyp berdi. |
| 15 |
| Gidegon Sukodyň ilatynyň ýanyna gelip: «Siz: „Seniň ýadaw adamlaryňa çörek berer ýaly, Zebahy we Salmunnany ele saldyňyzmy näme?“ diýip, meniň üstümden gülüpdiňiz. Ine, Zebah bilen Salmunna» diýdi. |
| 16 |
| Olar Sukodyň ýaşulularyny we galanyň ilatyny çöl agajynyň tikenleri hem-de böwürslen çybyklary bilen jezalandyrdylar. |
| 17 |
| Penuwal diňini ýykyp, galanyň ilatyny gyrgyna berdiler. |
| 18 |
| Gidegon Zebah bilen Salmunnadan: «Siziň Taborda öldürenleriňiz nähili adamlardy?» diýip sorady. Olar: «Seniň ýalydylar, şazada sypatlydylar» diýip jogap berdiler. |
| 19 |
| Gidegon: «Olar meniň süýtdeş doganlarymdy. Rebden ant içýärin, eger siz olary öldürmedik bolsaňyz, men hem sizi öldürmezdim» diýdi. |
| 20 |
| Ol özüniň nowbahar ogly Ýetere: «Tur, olary öldür!» diýdi. Ýetginjek gylyjyny çykarmady, sebäbi entek ýaş bolany üçin gorkýardy. |
| 21 |
| Zebah bilen Salmunna Gidegona: «Tur-da, özüň bizi öldür, sebäbi erkek adamyň işini diňe erkek bitirip biler» diýdiler. Gidegon turup, Zebah bilen Salmunnany öldürdi-de, olaryň düýesiniň boýnundaky ýarym aý şekilli şaý-seplerini aldy. |
| 22 |
| Ysraýyllar Gidegona: «Seniň özüň, ogluň, agtygyň bize patyşa bolsun, çünki sen bizi midýanlaryň elinden halas etdiň» diýdiler. |
| 23 |
| Gidegon olara: «Menem, meniň oglumam size patyşa bolmaz. Reb size patyşa bolar» diýdi. |
| 24 |
| Gidegon olara: «Olja edip alan altyn gulak halkalaryňyzdan maňa heriňiz birini beriň» diýdi. (Duşmanda gulakhalka köpdi, çünki olar ysmaýyllardy). |
| 25 |
| Olar: «Höwes bilen bereris!» diýip, ýere geýim düşäp, onuň üstüne adam başyna bir gulak halka taşladylar. |
| 26 |
| Altyn-kümüş düwmelerden, midýan patyşalarynyň goýy gyrmyzy reňkli geýimlerinden hem-de olaryň düýeleriniň boýnuna dakylýan altyn halkalaryndan başga, onuň ýygnan diňe gulak halkalarynyň agramy takmynan bir batman boldy. |
| 27 |
| Gidegon olardan efot ýasady we ony öz galasy bolan Oprada goýdy. Soňra ähli ysraýyllar ol ýere gatnap, efoda sežde etdiler. Bu Gidegona hem-de onuň öýündäkileriň ählisine gurlan duzakdy. |
| 28 |
| Şeýlelikde, midýanlar ysraýyllara boýun egdiler hem-de şondan soň olara baş galdyrmadylar. Şeýdip, Gidegonyň döwründe ysraýyllar kyrk ýyllap parahat ýaşadylar. |
| 29 |
| Ýowaşyň ogly Ýerubagal öz öýüne gidip, şol ýerde ýaşap başlady. |
| 30 |
| Gidegon köp aýally bolansoň, onuň ýetmiş ogly bardy. |
| 31 |
| Şekemde ýaşaýan gyrnagy hem oňa bir ogul dogrup berdi. Onuň ady Abymelekdi. |
| 32 |
| Gidegon gojalyk ýaşyna ýetip öldi, ony abygezer urugynyň Opra galasynda, öz atasy Ýowaşyň gubry goýlan gümmezde jaýladylar. |
| 33 |
| Gidegon ölensoň, ysraýyllar Bagal butlaryna sežde edip, zyna etdiler; Bagalberiti özleriniň hudaýy saýyp başladylar. |
| 34 |
| Ysraýyllar daş-töweregindäki ähli duşmanlaryň elinden halas eden özleriniň Hudaýy Rebbi ýatlamadylar. |
| 35 |
| Şeýle hem, Ysraýyla we özlerine eden ähli haýyrly işleri üçin Ýerubagalyň (ýagny Gidegonyň) öýüne wepaly bolmadylar. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2017/judges/008.mp3
21
8