Beriň, size-de berler. Gujagyňyza basylyp silkelenip, pürepür, oňat ölçeg bilen berler. Çünki haýsy ölçeg bilen ölçeseňiz, size-de şol ölçeg bilen ölçeler».
Ýaslylar bagtlydyr, çünki olara göwünlik berler.
Meniň Hudaýym ähli hajatyňyzy Mesih Isadaky şöhratly baýlygy bilen doldurar.
[6] Hiç zadyň aladasyny etmän, her zatda dilegleriňizi doga we ýalbarma arkaly şükür bilen Hudaýa bildiriň. [7] Her hili düşünjeden ýokary bolan Hudaýyň parahatçylygy Mesih Isada siziň ýüregiňizi, pikirleriňizi gorar.
Ähli oňat, kämil sowgat ýokardan, nurlar Atasyndan inýändir. Onda ne üýtgeme, ne-de çalşyk kölegesi bardyr.
Onuň dolulygyndan biziň hemmämiz merhemet üstüne merhemet aldyk.
Biz Hudaýdan dogan her bir kişiniň günä etmeýänini bilýäris. Hudaýdan dogan özüni saklaýandyr, iblis oňa el gatmaz.
Hemişe hemme zadyňyz ýeterlik bolup, her ýagşy işe bol mümkinçiligiňiz bolar ýaly, Hudaý size her nygmaty boldan bermegi başarýandyr.
Her hili düşünjeden ýokary bolan Hudaýyň parahatçylygy Mesih Isada siziň ýüregiňizi, pikirleriňizi gorar.